AUTOCAD WE 3D MAX PROGRAMMALARYNDA IŞLEMEK

Biz AutoCAD, 3D Max we beýleki wektor programmalarynda islendik çylşyrymly çyzgylaryň buýurmasyny gysga wagtda hünär taýdan ýokary derejede ýerine ýetirýäris. Çyzgylary taýýarlamak – biziň üçin adaty iş, onuň bilen biz birnäçe ýyllaryň dowamynda meşgullanýarys. Siziň birnäçe wagtyňyzy we dartgynlygyňyzy tygşytlamak bilen biz ýeňillik bilen çyzgyny dessin ýagdaýda çyzyp bereris. Goý, şu gymmatly serişdeler Size has artykmaçlykly işler üçin Sizde galsyn.

Biz çyzgylary elektron görnüşine geçirmek, aksonometriki çyzgylary gurmak ýaly hyzmatlary edýäris, şeýle hem sargyt boýunça detaldan, ýa-da Siziň eskizleriňizden 3D modelini hünär taýdan ýokary derejede we hilli döredip berýäris.

3Dmax wizuallaşmagy – üç ölçegli kompýuter grafikasynyň görnüşleriniň biridir. 3D wizuallaşmagy islendik obýekti onuň ähli detallary, aýratynlyklary we islendik burç astynda görmäge mümkinçilik berýär. 3D wizuallaşmagyň kömegi bilen gerekli obýekte diňe islendik burç astynda däl-de, eýsem dürli yşyklandyrmanyň kömegi bilen görüp bolar, şeýle hem onuň her nokadyny has giňişleýin bahalandyryp, interýeriň hilli 3D wizuallaşmagyny döredip bolar.

Wizuallaşmak gurluşykda, binagärçilikde we beýleki durmuşyň pudaklarynda esasy orunlaryň birini köpden bäri eýeleýär. Ol biziň mümkinçiliklerimizi giňeldýär, hyýallarymyza bolsa iň dogumly pikirleri hakykatda amala aşyrmaga mümkin edýär. Islendik obýekti, hatda durmuşda bolmadyk obýekti döredip bolar, we tomaşaçy onuň barlygyna ynanar ýaly derejede döredip bolar.

3D tehnologiýalaryň kömegi bilen harytlaryň owadan we hakykatly tanyşdyryş dabaralaryny döredip bolar. Hut şundan islendik taslamanyň täjirçilik üstünligi ybaratdyr. Biz hakykatdan hem görkezmäge mynasyp bolan zatlary görkezeris. Biziň 3D grafika studiýamyzyň hünärmenleri tarapyndan döredilen täsirli wizual obraz Siziň müşderileriňiziň ýadyndan çykmaz. Olar harydy satyn alanda, şol obrazy ýatlar.

“TAKYK TERTIP” HK hünärmenleri interýerleri we eksterýerleri 3D wizuallaşmak hyzmatlaryny teklip edýär. Şeýle-de biz syçanjygyň bir hereketi bilen bir panoramadan beýlekä geçmek mümkinçiligi bilen içki jaýlaryň interaktiw üç ölçegli panoramalaryny taýýarlaýarys. Biziň 3D wizuallaşmak dizaýn studiýamyzda Siz islendik çylşyrymlylykda wizuallaşmagy buýrup bilersiňiz. Biz öz taslamasyny hakykatda täsirli etmegi isleýän gurluşyk guramalary, kompaniýalary, taslama kompaniýalary we hususy binagärler we dizaýnerler bilen işleşýäris. 3D grafikany bize jaň edip ýa-da elektron salgymyza (“Habarlaşmak üçin maglumat” bölümi) tabşyrygy ibermek bilen buýrup bolar.