BILIM PUDAGYNDA KONSALTING

Bilimli nesil – kuwwatly Watan!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipä girşimegine bagyşlanan dabarasynda (inaugurasiýasynda) eden çykyşy (Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 17-nji fewraly).

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin hökümet mejlisinde karara gol çekdi, oňa laýyklykda ýurduň raýatlaryna daşary ýurtlarda berlen ýokary we orta-hünärment bilimi baradaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi tassyklandy.

“TAKYK TERTIP” HK Terjimeçilik merkezi Türkmenistanyň çäklerinde ýokary we orta-hünärment bilimi baradaky diplomlary ykrar etmek üçin zerur bolan resminamalary terjime etmekde we taýýarlamakda kömek edýär:

  • Ýollama hatlarynyň görnüşi;
  • Arhiw kepilnamasy;
  • Diplom we oňa goşundysy;
  • Okuw jaýynyň akkreditirlenmegi;
  • Akademiki kepilnama.

Şeýle hem biziň hünärmenlerimiz şu aşakdakylary resmileşdirmekde ýardam eder:

  • Arza;
  • Sowalnama maglumatlary (şahsy kagyzy, maşgalasy we üç arkasy hakyndaky maglumat);
  • Giriş we çykyş hronologiýasy.