POLIGRAFIKI WE MAHABAT ÖNÜMLERINIŇ DIZAÝNYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK

Islendik täjirçiligi ilerletmek üçin täsirli, açyk, maglumat bilen baý bolan mahabat önümleri – mahabat kartlar, bukletler, flaýerler, ýaýradylýan kagyzlar (listowkalar), plakatlar we ş.m. zerur. “TAKYK TERTIP” HK hünärmenleri Size mahabat önümleriniň maketini işläp taýýarlamaga kömek eder.

Mahabat önüminiň täsirli maketini işläp taýýarlamak üçin, ilkinji nobatda, elektron görnüşde logotipiň bolmagyna üns bermeli. Eger Sizde elektron görnüşinde (PDF, EPS, TIFF, CDR) logotip ýok bolsa, biziň agentligimizde Size kömek ederler, wektor grafikasynda Siziň logotipiňizi çekerler. Eger logotip ýok bolsa – biz Size diňe logotipi däl-de, eýsem firma stiliniň tutuş toplumyny işläp taýýarlap bereris.

Siziň üçin biz şu aşakdakylary taýýarlap berýäris:

  • Mahabat flaýerleri we paýlamak üçin kagyzlar;
  • Köp sahypaly mahabat broşýuralary;
  • Owadan neşirleri (albomlar, kitaplar, özboluşly bukletler);
  • Senenamalar (diwara asylýan, çärýekleýin, kiçi);
  • CD, DVD gaplary, gutulara içlikleri.

REVLON kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çarlz Rewsonyň “fabrikada biz kosmetiki serişdeleri öndürýäris, dükanda bolsa umydy satýarys” ajaýyp şygary ýadyňyzdamy? Islendik bukletiň we paýlama kagyzynyň ahyrky maksadyny düşünmek zerurdyr. Siz näme satýandygyňyzy – owadanlyk, umyt, asudalyk, esaslylyk ýa-da ertirki günümize ynamlylyk – takyk kesgitlemeli. Bu esasy zat. Şundan ugur alyp, şeýle hem mahabat önümlerini işläp taýýarlamak boýunça islegleriňiz esasynda biz Size geljekki mahabat önüminiň eskizini teklip edýäris.