TASLAMANYŇ UTGAŞDYRYJYSY

Däpler, takyklyk we işe gulluk etmek – kämilligiň aýrylmaz üç bölegi – “TAKYK TERTIP” HK Terjimeçi merkeziniň hil nyşany. Hut şol nyşan ünsli çemeleşmegiň, ýokary hünärliligiň we berk ylmy binýada diregiň kepilligi bolup hyzmat edýär.

Biz öz işimize buýsanýarys, şonuň üçin her taslama terjimäniň 4-derejeli prosesiniň wagt bilen synagdan geçen ähli tapgyrlaryndan hökmany tertipde geçýär. Biz bilen dürli görnüşli tematika boýunça dilden we ýazmaça terjimede ýöriteleşdirilen diňe sertifisirlenen pudaklaýyn bilermenler işleşýär.

Biz ylmyň we tehnikanyň degişli pudaklaryndan has ýokary hünärli hünärmenleri taslamalar boýunca işe çekýäris. “TAKYK TERTIP” HK Terjimeçilik merkeziniň hil nyşany – terjimäňiziň iň ýokary hiliniň kepilligidir.