BIZ BARADA

“TAKYK TERTIP” HUSUSY KÄRHANASY dürli döwlet edaralaryna, täjirçilik kompaniýalaryna we kärhanalaryna, bilim edaralaryna toplumlaýyn informasion ulgamlary işläp taýýarlamak, ornaşdyrmak we hyzmat etmek boýunça hyzmatlary edýär. “TAKYK TERTIP” HK resminamalar bilen işlemegi awtomatlaşdyrmak babatda dürli meseleleri çözmek üçin niýetlenendir: kärhananyň elektron resminama dolanyşygy, dürli işewür prosesleri awtomatlaşdyrmak we iş resminamalaryny ýöretmegi guramak. Ulgamy ornaşdyrmak hem ýerli dolandyryş ýörelgelerine, hem halkara standartlara laýyklykda işi üpjün edýär.

“TAKYK TERTIP” HK saýtlary işläp taýýarlamak hyzmatyny teklip edýär. Täjirçilik saýty – öz satuwlaryňy we müşderi binýadyňy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Saýtlar – özüňi we öz biznesiňi beýan etmek üçin tapawutly usuldyr.

Dünýä gepleşýär, biz terjime edýäris! “TAKYK TERTIP” HK Terjime merkeziniň ýokary hünär derejesi – aýratyn buýsanjymyzdyr. Size islendik dilde ýörelgeleriňizi takyk we ýokary hünär derejesinde kesgitlemek bilen halkara derejede üstünlik gazanmaga ýardam edýäris. Edýän hyzmatlarymyzyň çäklerine diňe ýazmaça terjime girmeýär. Duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda lingswistiki goldawy berýän yzygiderli terjime boýunça ýokary hünärli hünärmenler biziň bilen işleşýär. “TAKYK TERTIP” Terjime merkezi Size gerekli möhletde sargydyňyzy ýerine ýetirer.

“TAKYK TERTIP” Terjime merkezi ýokary we orta hünärment bilimi baradaky diplomyň Türkmenistanyň çäklerinde ykrar edilmegi üçin zerur resminamalaryň terjime etmekde we taýýarlamakda kömek edýär.

“TAKYK TERTIP” HK mahabatyň, tanyşdyrylyş dabalarynyň we dürli görnüşli çäreleriň ýokary hilli wideo ýazgy etmekde ýöriteleşýär.

“TAKYK TERTIP” HK hünärmenleri mahabat önüminiň maketini işläp taýýarlamaga kömek eder. Siziň üçin mahabat flaýerlerini; köp sahypaly mahabat broşýuralaryny; owadan neşirleri (albomlar, kitaplar, özboluşly bukletler); senenamalary (diwara asylýan, çärýekleýin, kiçi) we gaýry poligrafiki önümleri işläp taýýarlar.

“TAKYK TERTIP” HK gysga möhletde we islendik çylşyrymlylykda AutoCAD, 3D Max we beýleki wektor programmalarynda çyzgylary ýokary hünär derejede ýerine ýetirer.

“TAKYK TERTIP” HK iş görnüşleriniň biri – ýaşaýyş we jemgýyetçilik binalarynyň, hususy jaýlaryň, kottejleriň, howlularyň we seýilgähleriň taslamasyny, ofis, söwda we ýaşaýyş jaýlarynyň dizaýnyny işläp taýýarlamak. Kärhananyň işi dürli görnüşlilik bilen tapawutlanyp, hususy jaýlary hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň we otaglaryň interýerini, şeýle-de täjirçilik maksatly desgalary: ofisleri, myhmanhana we işewür toplumlaryny, çäkleri ösdürmek taslamalaryny, şäher gurluşyk konsepsiýalaryny we landşafty öz içine alýar.

Biz, Size has netijeli iş usulyny hödürleýäris – ähli hyzmatlary “TAKYK TERTIP” Hususy kärhanasy Online görnüşinde teklip edýär. Online görnüşinde buýurmany ýerleşdirmek birnäçe minudyňyzy alar, sebäbi işi ýerine ýetirmek möhletlerini görkezmek bilen saýtda sargyt görnüşini dolduryp, arzany Internet arkaly iberip bolar, bu bolsa doly iş tertibi şertlerinde wagtyňyzyň tygşytlylygyna ýardam edýär. Biziň bilen hyzmatdaşlyk etmek bähbitlidir we amatlydyr.

Biz işimiziň hili üçin jogapkärçilige düşünýäris we bize edilen ynamyň gadyryny bilýäris!