“TAKYK TERTIP” HK – programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan milli kompaniýa.
Biz orta we iri täjirçilik kompaniýalary, senagat kärhanalary, döwlet we ylmy-bilim edaralary üçin häzirki zaman programmalaryny işläp taýýarlaýarys we ornaşdyrýarys.
Biziň çözgütlerimiz tutuş Türkmenistan boýunça döwlet edaralarynyň we täjirçilik kompaniýalarynyň iş netijeliligini we hilini ýokarlandyrýar.
Ähli programmalar öňdebaryjy informasion tehnologiýalary ulanmak bilen işlenilip taýýarlandy, ýokary ösüş potensialy bar we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.
“TAKYK TERTIP” HK elektron resminama dolanyşygy ulgamy täjirçiligi dolandyrmak boýunça dürli meseleleri çözmäge, şol sanda resminamalar we şertnamalar bilen işi ýöretmäge, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylmagy we ýerine ýetirijilik düzgün-tertibe gözegçilik etmäge ýardam edýär. “TAKYK TERTIP” HK kagyz resminama dolanyşygynyň ýörite aýratynlyklaryny hasaba alýar we şol bir wagtda her guramanyň ýeke-täk täjirçilik proseslerini elektron görnüşde resmileşdirmegin mümkinçilik berer.
Dünýä bazarynda ykrar edilen programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagyň innowasion tehnologiýalarynyň we ýerli bazaryň tapawutlanan mümkinçilikleriniň utgaşdyrmak bilen “TAKYK TERTIP” HK elektron resminamalaryny we wezipeleri dolandyrmak üçin döwrebap elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy arkaly çözmegi teklip edýär. Ulgamyň giňeldilen funksionallygy guramanyň iş öndürijiligini ýokarlandyrmak, amallaryň açyk bolmagy, çykdajylary azaltmak we işgärleriň iş wagtyny optimallaşdyrmak üçin netijeli gurallary berýär.